فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize Ýaziň


Settar Sowgy

Adamlar

Adamlar görỳärin,

Ỳanyna barsañ,

Mydam, ellerinde sary güli bar.

Adamlar görỳärin,

Ỳanyna barsañ,

Ak gül berỳär ak günlere çagyrỳar.

 

Adamlar görỳärin,

Maslahat salsañ,

Bitewi zatlañy döwüp awratỳar.

Adamlar görỳärin maslahat salsañ,

Döwük zatlariñdan doly bejerỳär.

 

Adamlar görỳärin dünỳäsi doly,

Ỳöne olar ỳarty görỳär kän zady.

Adamlar görỳärin dünỳäsi ỳarty,

Ỳöne olar doly görỳär bar zady.


Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com