فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň


Settar Sowgy

Eller seni

 Çatylşyk ỳollar boỳundan,

Alyp gitdi eller seni.

Ỳagşy ỳaman günlerimizden,

Aỳra saldy ỳyllar seni.

 

Nirä gitdiñ, näme gitdiñ?

Göz ỳaş bolup gözden ỳitdiñ.

Sen uçgundyñ, ỳalyn otdyñ,

Basyrdymy küller seni?

 

Ene mekan bolmadymy?

Köñlüñ awlap bilmedimi?

Dost ỳüzüñe gülmedimi?

Söỳmedimi dilber seni?

 

Nirä gitseñ asman birdir,

Daban asty gara ỳerdir,

Baỳda bolsoñ köñül hordyr,

Köỳdir geçen günler seni.

 

Ganat baglap uç asmandan,

Ak bulut bol göç asmandan.

Ỳagyş bolup düş asmandan,

Içsin teşne güller seni
Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com