فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň



TÜRKMEN-LATYN ELIPBIİINDEN OKUW GEÇIRILDI.

 

  Türkmen-latyn elipbiıini öwrenmek boıunça 2007 ıylyñ 27-nji we 28-nji sentıabrynda Swesiıanyñ Göteborg şäherinde iki günlük okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklary sentıbaryñ soñunda Göteborg şäherinde açylıan Halkara kitap ıarmarkasyna gabatlap gurnaldy we agzalan günlerde agşam sagat 19.00-dan 21.00-a çenli dowam etdi.

  Türkmen-latyn elipbiıi boıunça kursuñ guramaçysy Göteborg Türkmen kultur ojagydyr. Okuw sapaklaryny Halkara kitap ıarmarkasyna gatnaşyjy, belli türkmen ıazyjysy, häzirki zaman türkmen diliniñ problemalary boıunça yzygiderli çykyşlaryñ awtory A.Welsapar geçirdi.

  Öz ene dilinde okamagy, ıazmagy öwrenmäge höwes bildiren türkmenleriñ birnäçesi Türkmen-latyn elipbiıini öwrenmek boıunça iki günlük kurslara gatnaşdylar. Okuwa gelenleriñ iñ ıaşulusy 50-ni arka atan bolsa, iñ ıaşkiçisi ıañy 12 ıaşyny dolduran çagady.

  Göteborg Türkmen kultur ojagynyñ adatça türkmen milli baıramçylyklaryny tutıan jaıynda geçirilen bu okuw oña gatnaşanlar üçin örän peıdaly hem gyzykly boldy.

  Bu kurslara gatnaşan türkmenlere ıakyn wagtda höweslendiriji diplomlary gowşurmak göz öñünde tutulıar.

  ”Gün” neşirıatynyñ ıanyndaky Ene dili kurslary boıunça bölüm.

2007-11-1

Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com