فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



ARŞYŇ ÜSTÜNDE GEÇEN PRES-KONFERENSIİA

 

İaradan ıaradyp ilkinji Aty,
Çagyrdy ullakan pres-maslahat.
Maslahata geldi ähli haıwanat.
Haıwanlaň şu günki, ertirki bagty
Hakynda söz sözläp tutuş bir sagat,
İüz ıylyň işinden berdi hasabat.

Soň diıdi: «Ene-de bir mesele bar.
Şony hem çözäısek — maslahat tamam.
Gaty toınaklylaň maşgalasyna
Goşulmaly şu gün täze bir haıwan».

Onıança-da kişňäp şol täze haıwan
Derwezeden girdi. Ony görende,
Maslahata gelen ıedi müň haıwan
Doňup galdy duran-duran ıerinde.

Gözüňe söwdügim, şeıle bir bedew:
Alkymy — daglaryň alkymy ıaly.
İakymy — bägüliň ıakymy ıaly.
İallary — hüır gyzlaň çokuly ıaly.
Guırugy — maısanyň tolkuny ıaly,
Akyly — dananyň akyly ıaly.

«Ynha indi her kim näme islese Aıdybersin!
—diıip, gobsundy
rahman— Kemçiliksiz zady ıaradaımak kyn,
Entegem ıetmezi bolmagy ahmal...»

Hemmelerden ozal söz alyp Eşek,
İaradana bakyp, eıledi tagzym:
«Juda ajap haıwan ıasapsyň, taňrym,
İöne hasam beter ajap bolardy
Bili bir azajyk bolaısa ıogyn,
Gulagam azajyk bolaısa uzyn.
İogsa göwre uly, gulagam kiçi...
Diımek, formasyna ters gelıär mazmun»

Soň Geçi mäledi: «İa perwerdigär,
Beıle ajap haıwan älemde seırek.
Bu ıöne haıwan däl, duran bir melek.
İöne weli özüň hudaıam bolsaň,
Entek bir tarapyn edipsiň telek:
Eňegi-hä köse, kellesem kelek.
Muňa bir şah bilen Bir sakgal gerek!»

Replika berdi erkejik towşan:
«Abat günümizi etmäliň bibat.
Şahynyň ıoklugy örän gowy zat.
Şu göwresi bilen şahy hem bolsa,
Biziň hemmämizi gyrar zaluwat!»

Hudaı bir ıylgyrdy.
Ondan bihabar,
Iň soňky hatardan bögürdi Öküz:
«İa ıaradan, seniň keramatyňa
Bolmandym, bolamok, bolmanam müňkür.
Gulagy-da ajap, alny-da ajap,
Guırugy-da ajap, ıaly-da ajap,
İöne weli kişňemegiň deregne
Molaısa, ajabyň ajaby boljak!»

İene bäş-on haıwan çykyp sözledi,
Biri eıle diıdi, birisi beıle,
Sagadyna bakyp diıdi İaradan:
«Belki, çekişmäni jemlärsiň Düıe!»

Buısanyp özüniň ululygyna,
Biperwaı gäwüşäp, diıdi ol:
«İa reb, Aıdylan zatlaryň bary biderek.
Oňa ne şah gerek, ne uzyn gulak,
Ne-de sakgal gerek, ne-de molamak —
Bary-ıogy oňa bir örküç gerek!»

Hudaı ıylgyrmadam,
Gaharlanmadam.
İerinden turdy-da diıdi: «Wessalam,
Indi şunuň bilen maslahat tamam.
Örän köp peıdaly zatlar aıtdyňyz,
Sag boluň. Nazarda tutaryn hökman».

Nazarda tutupmy ıa-da tutmanmy —
Ol maňa-da aıan,
Size-de aıan.

-===-
Sah. 180-182
Kerim Gurbanepesow
“Ömür”, Aşgabat 1975.

Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com