فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



Mähti SEİITZADA

Azerbaıjan şahyry

                 terjime: Atamyrat Atabaıow

BAGBAN

 

Bagda agaç ekıär bagban‚

Baglar basym miwe berer‚

Balary gülden damjalap

İygnap balyn ile berer.

 

İere bir däne okladyk¸

Bir sümmül bar ekenimiz‚

Bugdaı boldy halta-halta

Goşawuçlap sepenimiz.

 

                 GULMELIDIR

Ähli çagalar turup‚

İuwunıar her gün säher.

Nämüçin el-ıüzün

İuwmakdan gorkıar Säftär.

 

Kirli bolıar hemişe

İalta Säftäriň eli.

Ony görenler diıer:

Gülmerlidir¸ gülmeli!

 

Hatyrasyz saklaıar

Ähli kitap-depderi.

Siz mydam eltik-teltik

Görersiňiz Säftäri.

 

Egri-bugry hat ıazar

Kitabyň her ıerinde.

Abat sahypa bolmaz

Onuň depderlerinde.

 

Säftär günde bir ıana

Zyňar eşigniň baryn.

Krowadyň astyndan

Agtarar ol jalbaryn.

 

Käteıitir papagyn‚

Gider öıden papaksyz.

 Onuň aıakgaby-da

Mydam bagjyksyz‚ bagsyz.

 

İa mekdepde¸ ıa öıde

Görseň güläımelidir.

Soraman Säftärdigin

Derrew biläımelidir.

 

                 DOSTUM

Meniň söwer dostum bar‚

Aırylmaz ondan ıürek.

Görüşıäs¸ söhbetleşıäs‚

Ol maňa her gün gerek.

 

Arzyly söhbetleri

Şirinden şirin onuň.

Gämsiz deňze gider‚

Sözleri tereň onuň.

Açar İeriň syryny‚

Öwrener ıyldyzlary.

Teswir eder tomusy‚

Güızi¸ gyşy¸ bahary‚

Çaılardan¸ deňizlerden‚

Bulaklardan söz açar.

Tokaılardan¸ düzlerden‚

İaılaklardan¸ alysdan ــــ

Uzaklardan söz açar.

Onuň beıik hünäri

Daglar ıaly kalbydyr.

Her alymyň akyly‚

Aň-hyıaly kalbydyr.

Kim söımez beıle dosty‚

Bar onuň müň hikmeti.

Kimiň bolmaz kitaba

Muhabbeti¸ hormaty?!

Taııarlan: Türkmen kultur ojagy

Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com