EDEBIİATDA
DOSTLUK HEM HALYPALYK GATNAŞYKLARY
Türkmen edebiıatynda döwürdeş şahyrlaryñ
arasyndaky dostluk hem halypalyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyıetden alyp
gaıdıar. Çünki bagşy-sazandalykda-da, şahyrçylykda-da ösmek, kämilleşmek üçin
özüñden öñdäki nesilleriñ tejribesini öwrenmek, özleşdirmek örän zerur, ıöne ol
tejribäni özbaşdak özleşdirmek añsat iş däl. Şol sebäpden hem halypasyz ösen
bagşy-sazandanyñ, ıazyjy-şahyryñ kämillige barıan ıoly uzak bolıar. Elbetde, çyn
zehin düıbünden halypasyz bolsa-da, iru-giç kämillige ıetip biler. İöne ol özüne
mynasyp halypa tutunyp, ilki şondan degerli sapaklary alsa, onda kämillige
ıetmesi añsatlaşıar. Orta asyrlardan bäri türkmen ıazyjy-şahyrlary,
bagşy-sazandalary bu ıörelgä eıerip gelipdirler. Döredijilikde dostluk,
halypaçylyk – dünıäniñ köp halklarynda adaty ıörelgedir.
İöne edebiıatda we sungatda halypa tutunmak
töwekgel iş. Sebäbi ıiti zehin öz derejesinden pes halypa tutunsa, hökman
utdurıar. Kütek halypa ıaş zehini nädogry ıola salyp, hemişelik azaşdyryp, hatda
onuñ zehinini köıdüribem biler. Halypalyk ıaşyna ıeten ıazyjy-şahyr,
bagşy-sazanda şägirdini öz abraıy bilen basmarlap, öz galybyna salyp, adatça,
tebigy suratda ondan özüne meñzeş birini ıetişdirmäge ymtylıar. Onsoñ kütek
halypa tutunan ıaş zehiniñ köıdügi bil. Sungatyñ taryhynda bu seırek bolmaıar.
Bu meselede esasy ıitgi çekjegiñ ıaş zehiniñ özüdigi üçin, halypa tutunmak işine
seresaply çemeleşilse ıagşy.
Döredijilikde dostluk meselesi-de edil
şonuñ ıaly: sungat äleminde, adatça, zehinliniñ zehinli, kütegiñ-de kütek bilen
sözi alyşıar, ıogsa dostluk uzaga gidenok. Çyn zehin hemişe garaşsyz bolıar,
şonuñ üçinem dirikä beıik talantlar bilen dostluk gatnaşygyny saklamak hemme
kişä başardanok. Onsoñ, adatça, diñe özleri aradan çykansoñlar, çyn zehinleriñ
dostlary köpelip ugraıarlar... Olaryñ haısynyñ çyn, haısynyñ-da ıalan dostdugyny
bilmek hem añsat iş däl.
Türkmenistanda indi Gurbannazar Eziz bilen
özüniñ dost bolanlygy
hakda ıañrap ıören kän. Şahyryñ tragiki ölüminden soñ, şeıle ”dostlaryñ” sany
has hem artdy. Bu ıagdaı Bapba Gökleñ bilen baglanyşykly hem gaıtalanıar. Şahyr
tragiki ıagdaıda wepat bolanda, onuñ ıasyna, belli günlerine, hat-da ıylyna
görünmäge-de bogny ysmadyklar bu gün ol hakda makala ıazyp, radioda agyzlaryny
dolduryp çykyş edıärler. Nätjek, dil bir öl ıere biten zat…
G.Eziz aradan çykansoñ, onuñ kitaplaryna
sözbaşy ıazanlaryñ hemmesi-de, özlerini beıik şahyryñ dosty diıip yglan etdiler.
Delil hökmünde-de esasan şahyr bilen bile düşülen surat, ıa-da onuñ tötänden
ıazan haty agzalıar. İöne bu meselede bir hakykaty unutmaly däl: bile düşülen
surat ıa-da ”salam hat” entek dostlygyñ tassyklamasy bolup bilmez. Sebäbi
durmuşda tötänleıin suratlar-da, hatlar-da kän. Uly zehinler, adatça, örän
kiçigöwünli bolıarlar, kim gelip ıanynda bile suratyny aldyrsa-da, ony
kowmaıarlar. Olar özleriniñ adaty geçirimliligi bilen mekirleriñ mekirligine,
hilegärleriñ hilegärligine çydaıarlar. Käbir körzehinler beıikleriñ durmuşdaky
bu geçirimliliginden özleriçe peıdalanıarlar we öz öılerini belli şahsyıetler
bilen bilelikde aldyran suratlary bilen bezeıärler. Şol suratlar, hamana, olaryñ
özleriniñ-de bihal däldigini subut edıärmiş… Örän geñ subutnama…
G.Eziz wepat bolansoñ özüni onuñ ıakyn
dosty, ıogsa-da (iñ bärkisi!) jan ıaly şägirdi diıip yglan edenleriñ-de sanasañ
sogaby bar. Emma ıaşuly türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ gürrüñinden çen tutsañ, onda
Gurbannazar Eziziñ öz galamdaşlarynyñ arasynda çyn dosty diñe Halyl Kuly eken.
Bu iki zehin syrdaşlyk hem dostluk gatnaşygynda bolupdyrlar. G.Eziziñ döwürdeşi,
hak dosty, H.Kulynyñ eselerini siz
www.gunesh.org -dan okap bilersiñiz.
Ak Welsapar, ıazyjy