GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ
KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ İAS GÜNI
Gökdepe galasy 1881 ıylyñ 12-nji
ıanwarynda weıran edilıär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary
şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ıylda
ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girıärler. Bu gezek rus goşunlaryna
rus-türk urşunda agressivlikde we rehimsizlikde ıakasyny tanadan, şöhratparaz we
gedem general Skobelev baştutan bellenilıär. Ol öz basybalyjy, ganhor
patyşasynyñ ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaıtmajakdygyny entek Peterburgdaka
belli edipdir. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ
hemmesiniñ Gökdepe galasyna ıygnanyp, goranyş urşuny alyp barmaklaryny Hudaıdan
diläpdir. Sebäbi ol ors goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ıaraglananlygyny
oñat bilipdir we uzaga atıan agyr toplaryny ulanmaga mümkinçilik alsalar, onda
hökman ıeñjekdiklerine ikirjiñlenmändir.
Döwürdeşleriniñ şaıatlyk etmeklerine görä,
general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeıdibem ruslaryñ milli
gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. Şonuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uruş,
ıagny partizançylyk taktikasyny däl-de, gala gaplanyp, goranyş usulyny saılap
almaklaryny isläpdir. Çünki rus goşunlary özleriniñ ıarag taıdan
artykmaçlyklaryny diñe galanyñ garşysyna ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler
gaça uruş taktikasyny saılap alsalar, onda süıräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ
ruslara peıdasy degjek däldi. Üstesine-de türkmenler öz ıurtlaryna belet, gaça
urşa-da ökdediler.
Gökdepe galasynda geçirilen Uly Halk
maslahatynda parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet serdaryñ öwüt-ündewleri
geçmän, rus goşunlary bilen uruşmaly diılen karara gelnensoñ, galany goramagyñ
baştutanlygy dört sany serdara ynanylıar. Emma uruş başlanyp, gündelik durmuş
harby ıagdaıa tabyn edilensoñ, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi iş
ıüzünde diñe bir adamynyñ – alamançy Dykma serdaryñ elinde jemlenıär.
Harby sungatyñ nukdaı nazaryndan garanyñda,
bu şowsuzlykdy, alaman serdaryna galanyñ goragyny ynanmak – betbagtlyga el
bulamakdy. Sebäbi Dykma serdaryñ uruş we serdarlyk tejribesi diñe duıdansyz
çozuşlardan hem yzyndan gelıän kowgulardan gaçyp gutulmakdan ybaratdy. Ol şondan
öñ hiç haçan gala gorap gören adam däldi.
Netijede Dykma serdar Gökdepe galasynda
ilkibaşdan işanlaryñ täsiri astynda kabul edilen ıalñyş uruş taktikasyny iñ
soñuna çenli üıtgewsiz dowam etdirıär. Ol taktika – galada jemlenip, goranmakdan
hem galany gabap ıatan duşmanyñ üstüne duıdansyz we yzygiderli çozuşlary
geçirmekden ybarat bolupdyr. Galada uzaga atıan güıçli toplar bolmansoñ, bu
meselede goraıjylar basybalyjylar bilen bäsleşip bilmändirler. Galany
goraıjylryñ elinde diñe ıekeje top, ıagny Marydan gelen kömekçi goşunyñ getiren
saryja topy bar eken. Ol 1860-njy ıylda Marynyñ üstüne çozup gelen Eıran
goşunlaryndan üstün çykylanda, Gowşut hanyñ ”Gajar urşunda” Hemze Mürzeden olja
alan toplarynyñ biri eken. Gökdepe galasynda şol saryja top ulanylypdyr, ıöne
kiçeñräk bolany üçin ondan atylan oklar hiç haçan duşmanyñ üstüne ıetmändir, has
bärde ıere gaçypdyr. Şonda-da galany goraıjylar onuñ barlygyndan ruhlanypdyrlar.
Gökdepe urşuna gatnaşanlaryñ galdyran ıatlamasyna görä, her gezek saryja top
atylanda türkmenler ”jana-a-a-a!” diışip gygyrıan ekenler.
Öz üstlerine gije-gündiz ok ıagdyrıan
döwrebap duşman artilleriıasynyñ garşysyna goımaga galany goraıjylarda başga
serişde bolmandyr. Türkmenleriñ gündizki çozuşlary-da basybalyjylar üçin ullakan
bir howp döretmändir. Sebäbi ruslaryñ elindäki ıaraglar türkmen
esgerleriniñkiden onlarça esse kämil eken.
Gökdepe urşunda ruslar üçin iñ gorkulysy –
türkmenleriñ gijeki duıdansyz çozuslary bolupdyr. Duıdansyz çozuşlara kim ökde?
Elbetde, alaman serdary Öwezmämmet Dykma. Çünki alamançylyk büs-bütin
duıdansyzlyga esaslanıan söweş taktikasy. Hut şol sebäpdenem uruş hereketleri
güıjäp ugransoñ, Gökdepe galasyny goramagyñ Baş serkerdeliginiñ öz-özünden Dykma
serdaryñ elinde jemlenmegi geñ däldir. Bu kimiñdir biriniñ islegine görä bolup
geçen zat däl-de, eıse tebigy zerurlygyñ getiren şowsuz netijesidir.
Baş serkerdelik ikinji Gökdepe urşunyñ öñ
ıanynda örän gümürtik ıagdaıda wepat bolan parasatly Nurberdi han, galyberse-de,
Orazmämmet serdar, Hanmämmet atalyk ıaly has öñdengörüji kişiniñ elinde bolup,
Dykma serdar hem duşmanyñ üstüne diñe duıdansyz çozuşlary gurnamak bilen
meşgullanan bolsa, onda Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ soñy agyr
ganly tragediıa öwrülmese-de öwrülmezdi.
Geljekde şeıle ganly tragediıalaryñ
türkmen topragynda gaıtalanmazlygy üçin biziñ Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly
goralyşynyñ we tragiki ıeñlişiniñ taryhyny jikme-jik öwrenmegimiz, bu taryhy
türkmenleriñ ıaş nesillerine dogruçyl öwretmegimiz gerek.
Ahal topragynda, Gökdepe galasynyñ
eteginde we basybalyjylar tarapyndan gana gark edilen galanyñ içinde XIX asyryñ
soñunda bolup geçen söweşlerde türkmenler halk hökmünde köpçülikleıin
gahrymançylyk görkezipdirler. Bu uruşda türkmenler özleriniñ gaıduwsyz hem
edenli, başarjañ hem örän batyr halkdygyny subut edipdirler. Türkmenleriñ haıran
galaımaly söweşjeñlik we beıik ahlak sypatlary hakda birinji Gökdepe urşunda rus
goşunlaryna serkerdelik eden general Lomakin 1879 ıylyñ 15-nji sentıabrynda
şeıle ıazıar:
”Bir zady hökman bellemeli, tekeleriñ ajaıyp gylygy bar – näçe
pul berseñ-de, olaryñ arasyndan hakynatutma dönük tapjak gümanyñ ıok. Olarda öz
halkyna wepalylyk şeıle bir güıçli welin, hiç hili sowgat, hiç hili haıbat bilen
olary syrlaryny açmaga mejbur edip bolanok, şonuñ üçinem bar bilıänimiz diñe öz
goşunlarymyzyñ bilip bilen zatlary. Tekeleriñ güıjüne we ıeñilmezekligine berk
ynanıandyklary üçin goñşy ıomut-gökleñlerden hem içaly tutup, tekeleriñ arasyna
ibermäge içaly tapyp bolanok.”
Şol hatynda general
Lomakin ıene-de şeıle ıazıar: ”Bu gün tekeler bize görülmedik, iñ gowy Europa
goşunlaryna laıyk garşylyk görkezdiler.” Öz hatynda Lomakin türkmen esgerleriniñ
mergenligini-de boıun alıar: ”Tekeleriñ mergenligini gözden salmak mümkin däl –
olaryñ atan oky boş geçenok, bizden ölenleriñ köpüsiniñ döşünden ok degendigi we
ıaralylarymyzyñ hem köpüsiniñ döşünden ıa-da garnyndan ok degendigi – munuñ
subutnamasydyr; olaryñ sowukganlylyk bilen gowy çenäp atıandyklary görnüp dur.”
Şol gün Diñli depäñ
töwereginde we onuñ alkymyndaky harazda bolup geçen aldym-berdimli söweşi ıatlap,
rus generaly ıene şeıle ıazıar: ”Galadan hem onuñ golaıyndaky harazdan tekeleri
naızalaryñ güıji bilen kowup çykarmaly boldy. Harazyñ goragçylaryndan çen tutup,
türkmenleriñ nähili berk durmagy ıüreklerine düwendiklerini añsa bolıardy, diñe
ölüm olary atyşmagyny bes etdirip bilıärdi.”
Gökdepe urşunda türkmenler gürrüñsiz ahlak
ıeñşini gazanıarlar, olar öz ıurtlaryny gorap janlaryndan geçmäge
taııardyklaryny subut edıärler. Basybalyjylaryñ üstünligini üpjün eden faktorlar:
olaryñ öñdebaryjy ıaraglary we döwrebap harby tälim alan nyzamly goşunlary hem
harby sungatdan gowy baş çykaran serkerdeleriniñ bolanlygy.
Bu meselede Gökdepe galasyny goraıjylaryñ
üpjünçiliginiñ basybalyjylaryñkydan has pesde bolmagynda ıönekeı halkyñ, türkmen
esgerleriniñ günäsi ıok. Olar galanyñ etegindäki çaknyşyklarda we gala ıykylan
güni onuñ içinde öz topragy, maşgalasy, bala-çagasy, öı-öwzary, mal-mülki üçin
mertlerçe durup, soñky demlerine çenli söweşipdirler.
Gökdepe urşunda türkmenleriñ ors
basybalyjylaryndan ıeñilmeginiñ sebäbini türkmen jemgyıetiniñ ösüşde ors
jemgyıetinden has yza galanlygyndan gözlemeli. Orsıet öz wagtynda Europanyñ iñ
ösen ıurtlaryndan ylym-bilim öwrenipdir, dürli ugurlar boıunça, şol sanda harby
ugurdan-da, europaly hünärmenleri çagyryp, Europa derejesindäki öñdebaryjy
armiıany döredipdir, ony döwrebap ıaraglandyrypdyr. Türkmenler bolsa bu kuwwatly
harby maşynyñ garşysyna diñe öz şahsy gahrymançylygyny hem gaıduwsyzlyklaryny,
fiziki tälimlerini goıup bilipdirler. Netijede galany goraıjylaryñ köpçülikleıin
gahrymançylygyna garamazdan, ahyr netijede uruş harby üpjünçilik taıdan uly
artykmaçlygy bolan basybalyjylaryñ peıdasyna gutarypdyr.
Emma bu ıeñliş türkmenleriñ Gökdepe
urşunda görkezen deñi-taıy bolmadyk köpçülikleıin gahrymançylygynyñ ähmiıetini
birjik-de peseltmeıär. Tersine, harby üpjünçilik taıdan has rüstem, dişine çenli
ıaraglanan duşman bilen bolan söweşlerde görkezileni üçin bu gahrymançylygyñ
taryhy ähmiıeti has-da artykdyr.
Bur uruşdaky gyrgynçylygyñ jogapkärçiligi
basybalyjy rus patyşasynyñ hem onuñ Skobelev tetelli ganhor generallarynyñ,
şeıle-de galanyñ goragyna deñli-derejeli baştutanlyk edip bilmedik türkmen
serdarlarynyñ, galyberse-de, harby işlerden, şol döwürdäki degişli syıasy
ıagdaıdan asla baş çykarmaıan hallaryna urşuñ harby taktikasyna we syıasata
gödeklik bilen gatyşan işanlaryñ üstüne düşıär.
Hut şol dar düşünjeli işanlaryñ güıçli
täsiri astynda serkerdeler bu uruşda ilkibaşdan ruslaryñ üstün geljek
taktikasyny saılap alıarlar, Dykma serdar bolsa ony iñ soñky logiki nokadyna
ıetirıär. Dykma serdar işanlaryñ maslahatyna uıup, galadan çykmaly däl, soñky
damja ganymyza çenli galany goramaly diıip buıruk berıär. General Skobeleve-de,
başda belleışimiz ıaly, geregi-de şol eken. Ol uzaga atıan agyr toplaryny edil
galanyñ alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutıar. Netijede galadaky
urşujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ıagdyrylıan top
oklarynyñ astynda gurbany bolıarlar. Gyssagara-da gazylan tümler (ıer döleler)
parahat ilaty top okundan asla gorap bilmändir.
Agyr ıitgilere garamazdan, türkmenler
galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duıdansyz hüjümleri bolsa,
basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Şol hüjümlere erkekler bilen bir
hatarda türkmen aıal-gyzlary-da gatnaşypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söweşlerde
gahrymanlarça wepat bolupdyr.
Gündizki aıgytly hüjümde türkmenler bir
gezek duşmany agyr aljyraññylyga salıarlar. Şonda olar ruslaryñ garymda ıatan
birinji hataryny çym-pytrak edip, gaçmaga mejbur edıärler. Bu söweşde türkmenler
köp sanly ıarag olja alyp, üstesine-de Apşeron polkunyñ söweş baıdagyny-da ele
salıarlar. Söweş baıdagyñy aldyrmak uruşda ıeñilmek bilen barabar görülıän
masgaraçylyk hasap edilıär.
Onsoñ ıüzbe-ıüz uruşda türkmenlerden asgyn
gelen rus goşunalry galany almak üçin harby hilegärlige ıüz urıarlar. Olar
assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düıbünde ummasyz köp mukdarda
däri goııarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar duşmanyñ bu harby
mekirligine düşünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda onuñ öñüni alyp
bilmändir. Netijede 1881 ıylyñ 12-nji ıanwarynda basybalyjylar galanyñ diwaryny
partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.
Söweş aıylganç hem örän gandöküşikli
bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aıal-gyzlara-da,
garry-gurtulara-da rehim etmändirler. Galany goraıjylar her bir öı ugrunda
söweşip, baş goıupdyrlar. Türkmen ıigitleri edil aç arslan ıaly söweşipdirler.
Olaryñ gahrymançylygyna, gaıduwsyzlygyna duşmanlaryñ özleri-de haıran
galypdyrlar.
Gala ıarylansoñ, onuñ içindäki ilatyñ
arasynda dowul döräpdir, halk galany taşlap, başly-barat guma gaçypdyr.
Duşmanlar çakyr aıazly gyş güni dowla düşüp, gaçyp barıan eli çagaly naçarlary,
garry-gurtulary, ıetginjekleri yzlaryndan ıetip, gylyçdan, naızadan
geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taıdan asla zerurlyk bolmasa-da,
orslar guma gaçyp barıan eli ıaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr yzarlap,
gyryp gidipdirler. Bu wagşy kowga general Skobeleviñ hut özi ıolbaşçylyk edipdir.
Onuñ gözi gandan doımandyr. Gala ıykylan güni ol öz goşunlaryna ”ıesir almaly
däl” diıip buıruk beripdir. Skobeleviñ bu wagşy buırugyna esaslanyp, ors
goşunlary şol gün ıaraly esgerleri-de, ıeñijiler üçin asla howply bolmadyk eli
ıaragly ıetginjekleri-de gyrypdyrlar. Şonuñ üçinem türkmenler Skobeleve ”gözi
ganly general” diıip at goıupdyrlar.
Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ
ıykylan günleri aıylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem
ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ıatlamalaryndan, şeıle-de Ahal topragynyñ
ilatynyñ uruşdan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe urşunda 30 müñe
golaı adamynyñ wepat bolanlygyny çak etse bolar.
Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ
Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ıitmejek yz galdyrıar.
Gökdepe söweşi watana wepalylygyñ we gaıduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülıär we
Orta Azyıadan has uzaklara ıaıraıar. Türkmenleriñ rus goşunlaryna berk gaıtawul
berendikleri hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ıetıär. Şonda alys
Europanyñ paıtagtlarynda ilkinji gezek türkmenleriñ gaıduwsyzlygy we
gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilıär.
Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen
topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ıol açylypdyr. Şondan üç ıyl geçensoñ,
türkmenleriñ harby taıdan ikinji güıçli merkezi bolan Mary topragy-da
basybalyjylara gutarnykly boıun egdirilipdir. Marynyñ rus patyşasyna uruşsyz
boıun egmeginde Nurberdi hanyñ aıaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly
Magtymguly han uly rol oınapdyrlar. Gökdepe galasy goralıarka iñlisleriñ ozalky
wadalaryndan dänip, türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiıanyñ
düzümine meıletin girmegine sebäp bolan syıasy ıagdaılaryñ biridir. Türkmen
han-begleri iñlisleriñ boş wadalaryna ynanmaklaryny bes edipdirler.
Hywa we lebap türkmenleri ondan has ozal
rus patyşasynyñ gulçulygyna düşüpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar
emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ
ıykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial garaşlylyga düşmegine getiripdir. Bu
elgaramalyk soñra 110 ıyllap dowam etdi. 1881 ıylyñ 12-nji ıanwary türkmenleriñ
halk hökmünde erkinliginiñ syndyrylan günüdir.
Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ
ıykylmagynyñ ıasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralyşyny we onuñ
tragediıasyny asla ıatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji
ıyllarynyñ ortasynda SSSR-de Üıtgedip gurmak syıasaty başlanansoñ, bu barada dil
ıarmak mümkin boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik”
Demokratik Halk Hereketi gozgady. Gökdepäniñ ıaşululary we ıerli ilat bilen
ylalaşyp, ”Agzybirlik” 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda ilkinji gezek Gökdepe
galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ rus patyşasy tarapyndan basylyp
alynmagynyñ İas gününi belledi. Türkmenistanyñ dikmesi şonda bu çäräni geçirmegi
gadagan etdi.
Emma Türkmenistanyñ kommunistik
dikmeleriniñ ”Agzybirligiñ” bu döwletli başlangyjyna diş-dyrnak garşy
çykandyklaryna garamazdan, külli türkmen bu başlangyjy goldady. ”Agzybirlik”
Gökdepäni halky bilen geñeşip, İas gününi 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda, ıagny
dynç güni bellemeli diıip karar etdi. Bu örän dogry çözgütdi, hut şonuñ üçinem
şol gün Gökdepe galasyna 10 müñden gowrak adam ıygnandy. Türkmenler şonda sovet
häkimıeti ıyllary içinde ilkinji gezek öz gahryman ata-babalarynyñ we türkmeniñ
milli erkiniñ syndyrylmagynyñ simvolyna öwrülen gahryman Gökdepe galasynyñ İas
gününi bütin ıurt bolup bellediler. Türkmen halky dogduk topragy gorap wepat
bolanlaryñ we nähak gyrgynçylyga uçradylanlaryñ ruhuna degsin etdi, olara hormat
goıdy.
Soñkusy ıyl Türkmenistanyñ kommunistik
häkimıetleri ”Agzybirligiñ” döwletli we batyrgaı başlangyjyna eıe çykyp, bu
senäni resmi taıdan bellemegi girizdiler. Olary bu ädime iteren zat –
aıaklarynyñ aşagyndan daıançlarynyñ gidip barmagy hem-de ”Agzybirligiñ” il
içinde abraıynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimıetler bu meselede:
”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ıolbaşçylyk et!” diıen hilegär
syıasatdan ugur aldylar we bu senäni resmi taıdan bellemegi girizdiler.
Gökdepe galasynyñ synmagynyñ İas güni
şondan soñ her ıylyñ 12-nji ıanwarynda bellenilıär. Bu sene indi türkmen topragy
ugrundaky söweşlerde baş goıan gahrymanlary hemmesiniñ bilelikdäki hatyra gününe
öwrüldi. Biz milli Hatyra güni mynasybetli ıagşy dilegler edıäris: sadakalaryñyz
kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun! Goı, olar öz nesillerinden
razy bolsunlar!
Ak Welsapar, ıazyjy, Gökdepe galasynda 1990 ıylyñ
14-nji ıanwarynda geçirilen ilkinji İas gününi gurnaıjylaryñ biri, oña gatnaşyjy.