DURNALAR
Birden gök
asmana dikildi gözüm.
Ah‚ ol görnüş! Gözüm
nämeler görıär.
Gül düzüň üstünden
düzümde-düzüm‚
Göwnüňi göterip‚
durnalar barıar.
Her ıyl san edıärin
men bu görnüşe‚
Her ıyl gözlem şu
görnüşden doımaıar.
Durna geçıär... misli
adam durmuşy.
Durna geçıär...
geçmesini goımaıar.
... Adamlara hiç
etmändim erbedi‚
İagşylygy bolsa az
etdim juda.
Köçede maksatsyz
entäp ebedi‚
Tekepbirdim. Düşdüm
dostlamdam jyda.
Hiç kim maňa erbet
adam diımedi.
İöne ıagşam
diımediler‚ elbetde.
Şeıle agyr jeza meni
gynady.
Şeıle jeza goıdy meni
ezıetde.
Köp ıalňyşdym. Bu
ümmülmez dünıäni‚
Kitap däl-de‚ ıalňyş
bilen öwrendim.
Durnalar!
Durnalar!
Ine‚ şuň ıaly
İollar bilen sizi
garşylan mendim.
Öňem uçupsyňyz
hatarma-hatar‚
İene uçarsyňyz
uzakdan-uzak.
İöne bir gün meňem
ahyrym ıeter‚
Bir gün ajal gurar
ömrüme duzak.
Oňat bilıän‚ menden
soňam aılanyp
Geçersiňiz. Şu akym
bir durmasyn.
Ine‚ şu ynanja mäkäm
baglanyp‚
Kükregimde ıürek
goıar urmasyn.
İöne az ıalňyşsyn
menden soňkular‚
İöne durmuş gara
günler görmesin.
Durna geler!
Durna geler!
Durna ger!
Il dam çykyp garşy
alar durnasyn!
...Her ıyl san
edıärin men bu görnüşi‚
Her ıyl gözlem şu
görnüşden doımaıar.
Durna geçıär...
misli adam durmuşy‚
Durna geçıär...
geçmesini goımaıar.