فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



Gurbannazar Ezizow

Gara – gara gargalarGurbannazar Ezizow

Gar – ga – ıar:

“Biz gonaısak,

Garalar

Gar! Gar! Gar!”

 

Gonıar gara gargalar,

Gara gargalar.

Dogrudanam, garalıar

Gar! Gar! Gar!

 

Gara – gara gargalar

Kakıar heşelle:

“Bar gar garalar

Garga gara düşende!”

 

Agşama çen garalıar

Gar. Gar. Gar.

Garaňkyda gargalar

İerinden örıär.

 

Olaryň täk biri

Bolsa – da iş kyn,

Şol otyr, ak gary

Garaltmak üçin.

 

Gijäniň aıazynda

Gazaplydyr gar.

Garga aıagyndan

Beınä çen doňıar.

 

Ertesi gün ir bile

Köçe süpürıän

Gara gargan gargany

Oklaıar bir ıan.

 

Gara – gara gargalar

Şahadan örıär.

Gara gargan

                    garganyň

Maslygyn görıär.

 

…Günde gara gargaıar

Gargalar: “ Gak!

                            Gak!”

A gar bolsa, elmydam

Ak!

Ak!

Ak! 
 

çeşme:Gözıetim

Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com