Gurbannazar Ezizow
GÖRMEKSIZ GYZ
Ine‚ barıaň umydyňa büdüräp‚
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp‚
Tans edıär owadan gyzlary bile.
Hor ellerňi çykaroňok ıeňiňden‚
Olar birden ıere ıetäıjek ıaly.
Geçip barıaň ıigitleriň deňinden‚
Gulaga ıakymsyz bir saz mysaly.
Undup bilmän görmeksizje doglanyň‚
İüregiňde hoş arzuwlar besleıäň.
Geçip barıaň bir syratly oglanyň‚
Mylakatly söz aıdaryn isleıäň.
Emma ıigitleriň öz gaıgysy bar:
İörite ıag bilen saçlaryn darap‚
Olar wagtdanam ozup barıarlar‚
Özlerniň owadan gyzlaryna tarap.
Ah‚ horja gyz‚ horlugyňdan horlanıaň/.
Saňa hoş söz diıjek ıigit nirede?
Bu şäherde näçe diıseň ıigit bar‚
Seni öıe ugradanok biri-de.
Gyzlaram ıanyňa delmuryp gelip‚
Owadan gülüşip ıüregňe düşıär.
Olar görmegini artdyrjak bolup‚
Gezegine seniň bilen tirkeşıär.
Öıe gelıäň. Gyııar ıürgňi ünjiň‚
Hasratdan çekilıär iki owurdyň.
Aglaıarsyň: «Ah ‚ eje jan‚ nämüçin
Meni beıle betgelişik dogurdyň?»
Emma goňşy gelin—bir görmegeı dul
Atasyz ogluna günäli bakıar.
Hem seniň tersiňe‚
Gussa-gam çekıär:
«Owadan dogulma‚
Bagtly dogul!»
Aglama‚ gyz! Uıajygym‚ gam çekme‚
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden.
Bu howlukmaç ıigitlere at dakma‚
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.
Käte şeıle bolıar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp‚
İöne‚ nämüçindir‚ tylla ıüzük dek‚
İolda‚
Gum içinde galıar sadalyk.
Tekepbir bol‚ çykyp bolmaz gaıa dek‚
Sada bol‚ aılaryň doguşy ıaly.
Şeıle ıigitler bar‚ (olar bar entek)
Sen dek gaıalarda olaň hyıaly!
Öz söıenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünıä eıe kimin garıarys.
Iň gymmat‚
Iň zerur‚
Gözel zatlary
Alıarys-da ıara sowgat berıäris.
Bütin İeri sowgat berıäs gyzlara‚
Onuň minaradyr şäherlerini‚
Onuň al şerap deı iňriklerini‚
Dumanly-dumanly säherlerini.
Soňra ıyldyzlary‚
Deňiz-derıany‚
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has‚ —
Aıy iki ıaryp zergär mysaly
Ondan ıara gulakhalka ıasaıas.
Emma bize ıeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ıyldyzyn kakanyň bilen
Olar ıere teňňe bolup düşenok.
Aı diııärler‚
Deňiz-derıa diııärler‚
Tapanlaryny jomartlarça seçıärler‚
Emma uçypsyzja galyň tölemän‚
Gyzymyz şagal deı alyp gaçıarlar...»