فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



KERIM GURBANNEPESOWKerim Gurbannepesow

(1929-1988)

     Türkmenistanyň halk ıazyjysy, Magtymguly baıragyyň eıesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ıylda Gökdepe etrabynyň İaňgala obasynda daıhan maşgalasynda eneden bolıa. Obada 7 ıyllyk mekdebi gutorıar. Kyrkynjy ıyllaryň başlarynda etrabyň “Kolhozçy sesi” gazetinde ilkinji çagalyk goşgulary çap edilıär. 1945-1946 – njy ıyllarda Tejen derıasynyň boıunda gurulıan emeli suw howdanynyň gurlyşygynda işleıär. Şol ıerde-de ol ıörite gurluşykçylar üçin çykarylıan köp tiražly gazetde öz goşgulary bilen yzgider çykyş edip başlaıar.

     1949-njy ıylda Kerim agany goşun hataryna çagyrıalar. Bu ıerde-de ol poeziıa bilen iş salyşmagyny dowam etdirıär. Goşun soldat hakda ıazan onlarça goşgulary “İaş kommunist”, “Sowet Türkmenistany”, gazetlerinde çap edilıär. 1951-nju ıylda goşun gullugyndan boşap ıene-de žurnalistik kärine dolanyp gelıär. 1952-nji ıylda ıaş şahyryň ilkinji kitaby neşir edilıär. Bu kitaba giren goşgulary entek umumylykdan, dekloratiwlikden, köpsözlülik, forma kowalaşmak ıaly kemçilikleri bardy.  Kerim aga entek ıaşdy, öwrenıärdi yhlas bilen başgalary okaıardy. 1954-nji ıylda onuň çalt ösıän şahyrlygyny subut edıän goşguler ıygyndysynyň ikinjisi çap edildi. Bu ıygyndy Kerim aganyň döredijilik tematikasynyň baılaşandygyny görkezdi. İaş şahyryň şygyr sungatynyň inmçe tärlerini çalt özleşdirıändigine göz ıetirip bolıardy. Kerim aga şol döwür Türkmen döwlet uniwersitetynyň agşamky bölüminde okaıardy. Ol ony gutoryp, neşirıatyň redaktory bolup işledi.

    Kerim Gurbannepesow azda-kände beıleki dildäki eserleri hem terjime edıärdi. Onuň terjime eden ululy-kiçili 250 töweregi eserleri Türkmenistanda terjime edebiıarynyň altyn hazynasyna girıär.

İekeje mysal Abdyrahman Jamydan:

 

Dişiň bilen gyzgyn demri gemirmek,

Dyrnak bilen gara dagy ıumurmak,

İalynly ojaga kelläňi sokmak,

Kirpikleriň bilen köz alyp çykmak,

İüz ineriň ıükün gerşiňe atmak,

- Magrypdan Maşryga pyıada ıetmek -

Şu zatlaň hemmesi bolsa-da kyn zat,

Gurrumsaklaň öňünde başyň egenden aňsat.

 

      Şahyr “Apat”, “İarap borka”, “Türkmeniň”, “Altyň biri”, “Gumly gelin” ….. ıaly goşgylary bagşylaryň repertuarynyň bezegi bolan, onlarça eserlerini häsıetlendirip Türkmenistanyň halk bagıysy, Magtymguly baıragynyň eıesi Sahy Jepbarow şeıle diııär: “K.Gurbannepesowyň goşgylarynyň köpüsi dörände öz nepis sazy bilen bile dünıä inen, bize bolsa şol ajaıp sazy tapaımak galıar” diııär. Kerim aga tutuş döredijiligi halk danalygyna, halk parasatlygyna, halk döredijiligine we gündogar klassikalarynyň ajaıyp däplerine daıanıar. Şonuň üçin hem onyň poeziıasynyň halkylygy internasionallyk bilen gönüden-göni sepleşip gidıär. Bu bolsa onuň eserleriniň ideıa ötgürligi bilen çeperçilik mazmunynyň baılygyny emele getirıär. Muňa “Aňsat bilen kyn” diıen şygyryny mysal getireliň:

 

“Men-men” diımek üçin ıekeje gezek

Dodakdan-dodagy göterip bilsek –

Dünıäni “Men” bilen doldurmak mümkin.

“Men-men” diımek aňsat, “Sen-sen” diımek kyn.

“Sen-sen” diımek üçin sen oňat gerek…

 

Akyl bermek üçin ıekeje gezek

Akyllyň sözlerin gaıtalap bilsek –

Özüňe akyllam diıdirmek mümkin.

Akyl bermek aňsat. Akyl almak kyn.

Akyl almak üçin aň sagat gerek….

       K.Gurbannepesow 1957-nji ıylda okyjylara “Taımaz baba” poemasyny hödürleıär. Bu eser şahyra uly şöhrat getirıär. Soň ol: “Ata we ogul”, “Ajy günler, süıji günler”, “Gumdan tapylan ıürek”, “Aıal bagşy”, “Ynsan bilen ynsap”, “Namys hakydasy”, “İürek poemasy” … ıaly iri sıužetli eserlerini ıazıar.

        K.Gurbannepesow Türkmenistanyň ıazyjylarynyň gurultaılarynda poeziıa hakda dokladlar etdi. Ol ömrüniň soňky ıyllarynda saglyk ıagdaıynyň ıaramazlaşıandygyna garamazdan, tutuş halk, jemgyıetçilik, döwlet ähmiıeti üçin uly işleri gerdeninde göterdi. İazyjylar soıuzynyň başlygynyň orunbasary, Prawleniıe agzasy, Türkmenistanyň ıokary sowetiniň deputaty hökmünde uly işler etdi. Oňa bütin halk edebiıatymyzy kämilleşdirmekdäki bitiren hyzmatlaryna mynasyp hormat goııalar.

       Kerim aga “Tomus ıazgylarynyň” bir ıerinde şeıle diııär: “Hakyky ıazyjy tankytçydan gorkmaıar. Ol diňe okyjydan gorkıar.” Şahy öz bütin  döredijilikli ömründe şu sözleri baıdak edip göterip gezdi. Ol türkmen edebiıatynyň Berdi Kerbabaıew, Ata Gowşudow, Rehmet Seıidow, Aman Kekilow, Gara Seıtliıew ıaly uly ıazyjylar bilen işledi.

      Şahyryň poeziıasy gumanizm, watançylyk, internasionalizm ideıalary bilen ıugrulandyr. Adamyň begenjine begenip, gamyny deň paılaşyp bilıän ynsan. Ine ıeňiş güni bir garryja ene oň ıanyna gelıäde: “Çynmy?!” diıip soraıa. Liriki gahryman oňa: “Çyn, ene jan, çyn, çyn!” diıip begençli buşlaıar. Emma ol garryja enäniň bu ıeňiş üçin ogluny gurban berenini ıatlaıar-da, elhenç gama batıar:

 

Üç oglun ugradan şol garry enäň

Üç habar täzeden agartdy saçyn.

Her ogluň deregne bir bölek kagyz …

“…. Çynmy, balam, bular?!”

Ne ıalan, ne çyn –

Hiç zat diıip bilmän bakypdym ıere.

Göıäki diıersiň üç tonna gurşun

Gerşimden inipdi …

Şol enä duşsam –

Henizem, henizem

Egşerip ıörşüm.

 

Il-güniň agyr derdine düıünip bilıän şahyra okyjylar hormat goııar. Kerim aganyň “Hoşlaşyk” diıen goşgysyndaky aşakdaky sözleri aıdyp, oňa seni ynandyrıan gahrymana, eısem hakyky manysyndaky gumanist diımezlik mümkinmi?

 

… Ähli urşlaryň eımenji bilen,

Hoşlaşdym balasyn aldyran enäň

Eräp-akyp giden göreji bilen…

 

Hoşlaşanda bolsam şol ıyllar bilen

Söıgüler, gözıaşlar, gaıgylar bilen

Heniz-henizlerem her ädimimde

Şol duşuşyp ıörün

Men olar bilen…

 

Ak gyňaç, ak saçly bir ene görsem-

Dört ıyl aglap, gözün ereden ene,

Oglunyň suradyn bagryna basyp

Ak saçlaryn ıaıyp, bozlap dur ıene

 

Mele saçagmyzdan her säher, her şam

Mele-myssyk nany sogran badyma,

 

Ajyndan ölenje şol çagaň eli

Ösgünje dyrnagyn synçıar buduma

 

İuwdup bilmän, çeıäp duran nanymy,

Böwrüm diňşirgenip, seredıän aşak…

 

Bu setirlerde uly iliň, umumy ynsanyň başyna agyr günleri salan şol elhenç urşuň rujy azaplary bilen ıaşaıan şahyryň ynsanperwerligini aıdyň görüp bolıar. Şahyr il-günüň aladalary bilen geçmedik, diňe özüniň kiçijik bähbitleri bilen ıaşalan ömri doly bahaly, adamkärçilikli ömür hasaplamaıar:

Gara gaıgyň bolsa garnyň-aladaň,

Gurruga gaçsaňam, tapdyr bir mydar.

İöne weli ikaıakly bendäňi

Dört aıakla meňzetmäwer, eı Hudaı…

 

Şahyr köplenç “Eger sen ömrüň diňe bir öz şahsy baähbitleriň bilen gümra bolup, il-gün aladalaryny paılaşmadyk bolsaň, ol ömrüň manys näne?” diıen soragy köp gezek gaştalaıar.  

Ir bilen oıanıaň. Öşüň ıerbe-ıer

Keıpiň kök, janyň sag, Hudaıa şükür

Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelıär

Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öıüňdäki ajap sapa hakdamy?

İa şol dertlä gerek şypa hakdamy?…

 

Käte ejiz bolıaň adam diıen zat

Şonda gelip, derdiň soraşan gerek.

İöne weli derdiň soraşmak üçin

Ilki seni dertden goraşan gerek…

Uruş döwrüniň söweşjeň  gahrymanlarynyň çeper obrazyny döretmekde K.Gurbannepesow “Ajy günler, süıji günler” poemasynda ep-esli üstündik gazandy. “Taımaz baba” şahyra ilkinji uly şöhrat getiren iki kitapdan ybarat poemadyr. Poemanyň birinji kitabt şahyryň öz adyndan aıdıan aşakdaky setirleri bilen başlanıar:

Aılansaň-da oba-oba,

Taımaz ıaly bälçik baba

Tapaımarsyň,

Tapaımarsyň.

Bir otyrsaň, gapdalyndan

Aňsat-aňsat goıaımarsyň…


Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com