İatlamalardan: (İatlan Türkmenistanyň
halk ıazyjysy: Hudaıberdi Diwangulyıew. )
Kerim şahyr ömrüniň ahyrky günlerinde agyr kesel mahaly bir gezek ahmyr bilen
şeıle diıipdi: “Öňde bir şahyryň aıdyşy ıaly: “başardygymça-ha ıazasym gelenok,
isledigimçe-de ıazyp bilemok”.
Kerim şahyr, megerem, beıik Magtymgulydan soň türkmen okyjysynyň kalbyna iň berk
ornaşan şahyrdyr. Onuň onlap, ıüzläp goşgularyny, tutuş epiki poemalaryny ıatdan
bilıän okyjylary bar. Şahyryň kitaplary çap edilen badyna okyjylaryň kitap
tekjelerine siňip gizıär. Onyň pikir atyş stili, şunlykda tüıs türkmen şahyry
bolup aıdyşy käte Magtymgula, Keminä, kätelerem Mollanepese, Mätäjä çalym edıän
ıalydyr. Emma ol Kerim şahyr bolup aıdıandyr.
Bir
gezek uniwersitetde egzamin berıärkä Kerim şahyryň biledine G.Seıtliıewyň uruş
döwri ıazan “Pagonly gyz” goşgusy düşüpdir. Geň galmaly ıeri şahyr ol goşgyny
okaman eken. “Okamadym” diısehä gülki döretjek. “Okadym” diıse-de ıalançy boljak.
Kerim şahyr nädendir öıdıäňiz?! Bilet çekip otyran ıerinde “Pagonly gyz” diıen
goşgyny özi ıazypdyr-da güzledip okap beripdir. Egzaminatorlar biri-birleriniň
ıüzlerine çiňňerilişipdirler. Ahyr hem olaň biri:
-
İoldaş,
Gurbannepesow, biziň okan “Pagonly gyzmyzda-ha” beıle bentler ıok ıalydy – diıip
ynamsyz gürläpdir
-
Maňa-ha bu
goşgyny şahyryň özi okap beripdi, şol wagtyň özünde-de ıat tutypdym. Soň kem-käs
üıtgeden bolsa bilemok.
Şahyr egzamindan bäşlik bilen geçipdir.
Şahyryň kalby hemişe şygyr bilen dolyp durdy.
1975-nji ıylyň mart aıynyň başydy. Giç öılänler Kerim şahyr redaksiıa geldi.
Egni tämiz ak kostıumly-jalbarly, ak köwüşli, ıüz-gözi joşgunly. Gele gelmäne:
-
“İaşkomçy” gelin-gyzlary hemmeden öňürti bahar baıramy bilen gutlap geçeıin
diıip sowulaıdym – diıdi.
Şahyryň öıi redaksiıadan sähelräk ilerräkde-di. Şahyr geçende-ötende, häli-şindi
redaksiıa sowulyp, çaı içip, ıaş kärdeşleri bilen degişip-gülüşip giderdi. Bu
gezek hem hemişekimiz ıaly şahyry gadyrly garşyladyk. Stolyň üstünde gazetyň
birinji sahypasynda goly komsomol biletli owadan gyzyň suraty durdy. Tegelek
ıüzli, ıogyn saçly, buısanç bilen uzaklara seredip duran gyz diıseň gözeldi.
- Şahyr,
siz uly toıuň üstünden geldiňiz, toıa bolsa sowgatsyz gelinmeıär. Ynha şu gyza
goşgy goşup ber, gazetimiziň ertirki sanynda çap etjek. Şol goşgam siziň ıaşlara
sowgadyňyz bolar – diıdim.
Şahyr
gyzyň suratyna haıran galyp seretdi-de biziň ıüzümize soragly nazaryny aılady.
-
Redaksiıada işleıänleriň deň ıarysy ıaş şahyr, şunyň ıaly ajaıyp gyzyň keşbini
görübem joşup bilmediňizmi?!
-
Herimiz bir bent ıazdygam weli, göwnümizden turanok.
-
Weı-weı, heıde munyň ıaly owadan gyza-da göwnüňden turmaıan goşgy goşup bolarmy?!
Hany äber galam kagyzyňy!
Kerim
şahyr ıüzugra birnäçe setir ıazdy-da maňa uzatdy.
- Me
ıoldaş redaktor, saňa sowgat.
Men
şahyryň beren degişme goşgysyny okap gutormakam, ol ikinjini öňüme süışirdi
- Me
ıoldaş Diwangulyıew, buda saňa ıadygärlik.
Degişme
goşgyny okap gülüşip otyrkak, ol üçünji goşgynam öňümize süışirdi-de
- Indi
biraz ümsüm otyryň, häzir gazete gitmeli goşgyny ıazıan – diıdi.
Şahyr
suratdaky gyza guwanç bilen seretdi-de, ıapyrlyp, çep eli bilen kagyza
çalt-çaltdan bir zatlar ıazdy. Soňra okap çykyp bir-iki sözüni düzetdi.
- Alyň,
ynha, size şahyrdan sowgat!
Goşgyny
okap onuň bir salymda dünıä inişine, şu gudratyň hut öz gözümiň öňünde bolup
geçişine haıran galdyk.
Şol
ıazan goşgysy
Surata
seredip …..
1
Beıle jellat gözi
görmändim men-ä:
Her gözüň içinde - giden
bir dünıä.
Birisinde – uçmah,
birinde – dowzah,
Entek ıaş ıigitsiň –
uçmah až sen-ä
Menem şol dowzaha özümi
urjak
Gijesi-gündizi gazanyp
günä
2
Lenin adyn sena edip
diliňe
Täze biledini alyp eline,
Bu periniň bolup durşyna
seret;
Janym gurban Ogulnäzik
geline.
3
Bedeniň mermerden
ıasalan ıalak.
Dodaklaryň pisse,
gözleriň – çanak.
Saňa aşyk boldy köp
redaktor
İok, ıok, köp däl, köp
däl, ikije sanak!
İok, ıeke! İeke! Olam -
men! Kerim.
4
Bu mandatyň içinde
näçe-näçe İeňiş bar.
Näçe-näçe sapak bar.
Näçe-näçe mekdep bar!
Bu gözleriň içinde
Näçe-näçe Güneş bar.
Näçe-näçe zehin bar,
Näçe-näçe edep bar!
------------------------------------------------
Kerim şahyr öz
kitaplaryny çapa taııarlaışy-da täsinlikdi. Ol kitapda haısy goşgynyň
yzyndan haısy goşgynyň gitmelidigini özi kesgitlärdi. Olary bölümlere
bölerdi, suratlaryna-da juda ünsli serederdi. “Menzil”, “İedi ıaprak”,
“Düın, şu gün” atly ajaıyp kitaplaryny şahyr öz eli bilen taııarlapdy.