فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



 

“ Haraıym‚ Döndiniň”  döreışi

ALK arasynda bu goşgynyň döreışi barada şeıle rowaıat bar. Beıik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ıegeni Zelili şahyr öz daıysynyň durmuşy tematikasyny dowam etdiriji hasaplanıar. Ol söıgi temasyndan hem goşgular ıazypdyr.

     Zelili şahyr özüniň obadaşy Döndi atly gyz bilen halaşypdyr. Ol ıigitlik çagyna ıetende Döndi gyz bilen maşga gurupdyr‚ onuň söıgüsine mynasyp bolupdyr. Zelili örän şahandaz‚ gürrüňçi ıigit eken. Toı meılisler onsuz geçmändir. Ony uzak obalarda bolıan toılara-da çagyryp ökidipdirler‚ her gezegem hepdeläp diıen ıaly yzyna dolanyp gelmändir. Şeıle ıagdaıda Döndi gelniň sabyr käsesi dolıar. Bir gezek Zelili toıdan gaıdyp gelıär weli‚ Döndi gelin onuň öňünde şeıle mesele goııar. «Men seniň bilen hemişe bileje gülüp-oınap ıaşaryn diıen umytdadym. Emma ol arzuwlarym puç bolup barıan ıaly. Sen asyl giden ıeriňden hepdeläp gaıdybam geleňok‚ geleniňde-de oınam gün öıde bolman‚ ıene-de toı diıip gidıärsiň. Şonuň üçin hem indi şeıle ıagdaı gaıtalanaısa‚ menem atam öıüme tutup gidıärin». Diıipdir.

     Şahyr ıaş gelniniň sözlerini dykgat bilen diňläpdirde‚ giden ıerinden wagtynda dolanyp geljekdigine söz beripdir. Şol günüň ertesi şahyry ıene-de bir toıa alyp gidipdirler. Şahyr bu saparam gelnine beren wadasyny unudyp‚ esli egelnıär. Beren wadasynda tapylmansoň‚ Döndiniň ıene ynjalygy gaçypdyr‚ ıöne atasy öıüne gidip bilmändir. Zelili ıaly halaşyp gelen şahyr ıigidiňi taşlap‚ ataň öıüne gitmek heı-de heňe geljek zatmydyr. Beıle bisyratlygy Döndi gelin edip biljek däldi. Şeıle-de bolsa‚ ol Zelilä «göz görkezmegi» ıüregine düwüpdir.

     Şol gezegem şahyryň märekäni güımäp oturan ıerine bezemen atly bir ıigit gelipdir. Ol gelşinede gürrüňi diňläp durupdyr. Birdenem‚ Zeliliniň gözi atla kaklyşypdyr. Siňe seretse‚ atyň üstünde ıylgyryp oturan öz kyıamatlyk dogany Seıdi şahyr bolsa nätjek. Zelili tarsa ıerinden turıar-da‚ ylgap baryp‚ Seıdini gujaklap‚ atdan düşürıär. Olar saglyk-amanlyk soraşıarlar. Şonda Zeliliniň Döndä beren wadasy ıadyna düşüp‚ derrew märeke bilen hoşlaşıar-da‚ oba gaıtmak bilen bolıar. Obadaşlary iki şahyry uly hormat bilen garşylaıarlar. Emma Zeliliniň hiç ynjalygy bolmandyr‚ sebäbi Döndi gelniň onuň öňünde keserdip goıan şerti bardy ahyry.

     Zelili yzynda nämeleriň bolanyny bilmek isläp‚ öıe öňürti ıeke özi girmekligi ıüregine düwıär. Seıdi şahyr atyny gazyga baglamakçy bolıar. Döndi gelin Zeliliniň ıetip gelıändigini eşidip‚ bürenjegini çöwre bürenip‚ aňyrsyny bakyp oturyberipdir. Şonda şahyr onuň öıde bardygyna-da şükür edipdir‚ bolup oturyşyna welin‚ gaty geňirgenipdir. Ol birbada näme ederini bilmän‚ ıaıdanyp durupdyr‚ sebäbi dosty Seıdä syr bildirmän‚ ıagdaıy düzetmek zerur. Zelili ahyry belli netijä gelıär: «İalbaryp-ıakaryp göreıin. «ıagşy söz ıylany hininden çykarar» diıen dana nakyla eıersem‚ belki‚ ıumşap‚ raıyndan gaıdaıady-da». Ol Döndi gelniň garşysyna geçip‚ çök düşüp oturıar-da meşhur «Haraıym‚ Döndi» goşgusyny aıdyp başlaıar.

 Haraıym‚ Döndi aıdymy, ıerine ıetirıän Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeli İylıasow.

Aıdym  

                 “ Haraıym‚ Döndi”     

 

                 Gulam şahym‚ saňa dada gelmişem‚

                 Eşitgin arzymy haraıym‚ Döndi‚

                 Perwana dek özüm oda urmuşam‚

                 Eger razy bolsaň‚ ıanaıyn‚ Döndi.

 

                 İaradan Alladan gaıry pena ıok‚

                 Dilde zikr‚ senden başga sena ıok‚

                 Men bilmedim mende zerre günä ıok‚

                 Hatam bolsa‚ geçgin günämi‚ Döndi.

 

                 Men aglar men‚ zag gonupdyr gülüňe‚

                 Gel‚ bir sözde guwanaıyn tiliňe‚

                 Beıle jebir etmegin misgin guluňa‚

                 Syr perdäň‚ aç ıüzüň‚ göreıin Döndi.

 

                 Hijran ody bilen ıürek daglady‚

                 Iki elimiz ıakamyza baglady‚

                 Çola ıerde zaryn kylyp aglady‚

                 Ahyry işidir Hudaıym‚ Döndi.

 

                 Bolmadym dünıäde bäş gün parahat‚

                 Gündiz aramym ıok‚ gijeler rahat‚

                 Mundan artyk hiç bir bolmaz muşakgat‚

                 Bir günüm ıyl‚ ıüz ıyl bir aıym‚ Döndi.

 

                 Zelili diıer‚ indi teble bolup men‚

                 Çykabilmän‚ yşk bährinde galyp men‚

                 Seıdini alyp‚ seıle gelip men‚

                 Budur meniň dostum-hemraıym‚ Döndi.

     Goşgy şeıle bir zaryn äheňde aıdylypdyr. Şeıle hem ıörite özüne bagyşlanyp düzülenligi‚ Zeliliniň kyıamatlyk dogany Seıdiňem myhman gelenligi sebäbli‚ Döndi gelin ıumşaıar‚ öňki öıkelerini unudıar-da‚ derrew bürenjegini düzedıär we myhmana hyzmat etmäge taııarlanıar. Şu wakanyň üstüne şol döwrüň meşhur bagşysy‚ Zelili şahyryň ıegre dosty Garadäli gökleň hem geläıipdir. Bagşy hemişe Zelili şahyr bilen ıygy aragatnaşykda bolup‚ onuň goşgularyna aıdymlar döredipdir. Ol bu gezegem şahyrdan täze goşgy döretmegi haıyş edipdir. Şonda Zelili şahyram az begenmändir‚ onuň depesi gök diräpdir. «Aı‚ bagşym‚ sen-ä edil taııarja aşyň üstünden geläıdiň öıdıän» diıip‚ «Haraıym‚ Döndi» goşgusyny gaıtalap aıdyp beripdir. Bu goşgyny Garadäli bagşy salymyny bermän‚ saza geçirip ‚ şol günüň özünde aıdymyny  hem aıdyp beripdir. Bu aıdymyň heňi-de özi ıaly zaryn ıaňlanypdyr‚ diňleıjini heıjana getiripdir. Ine‚ şondan bärem «Haraıym‚ Döndi» diıen halk aıdymy bagşylar tarapyndan toılarda aıdylyp gelinıär. Belli sazandalar onuň sazyny hem ürç edip çalıarlar.

     Aıratyn hem meşhur bagşylarymyz - Türkmenistanyň halk bagşylary Sahy Jepbarow‚ Orazgeli İlıasow‚ Aşyrmämmet Dawudow dagynyň aıdyşlary halkyň göwnünden turıar. Bu bagşylaryň aıdyşyny tolgunman diňlemek asla mümkin däl. Şonuň ıaly-da «Haraıym‚ Döndi» halk sazyny meşhur sazandalarymyz häli-şindi ıaňlandyryp durıarlar. Sazandalar ol heňi dürli-dürli görnüşde çalıarlar. Meşhur mukamçy‚ Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradow‚ onuň şägirtleri İagmyr Nurgeldiıew‚ Aımämmet Aşyrow‚ Annanyıaz Öwezow we başgalar bir dürli görnüşde ıerine ıetirıärler. Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryıew‚ ezber sazandamyz Soltanmyrat Jygaıew‚ Durnazar Hudaıberenow dagynyň çalyşlary başga bir görnüşde.

Bulardan başga-da bu sazy Türkmenistanyň halk bagşylary Han Akyıew‚ Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryıew‚ Türkmenistanyň at gazanan artisleri İazgeldi Kuwwadow‚ Gurbannazar Nurymow dagylar hem çalıarlar. Gyjakçy Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Saryıew hem «Haraıym‚ Döndi» sazyny ussatlyk bilen çalardy. Meşhur mukamçy Mylly aga her bir sazy iki-üç görnüşde çalyp görkezerdi. Mümkin Soltanmyrat öz agasy hem halypasy‚ saz äleminiň pälwany Mylly agadan öwrenendir.

     Dogrusy‚ goşgynyň aıdymam‚ sazam edil goşgynyň özi ıaly zaryn‚ ıalbaryjy äheňde diňleıjiniň kalbyna aralaşıar.

 

Atabally GELDIMÄMMEDOW 

Taııarlan: Ş.A

Türkmen Kultur Ojagy‚ Göteborg

Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com