
DILDEN – DILLERE!
2009 ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ
Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we
döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi.
Jeýhun bile
bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser
ýeli türkmeniñ;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniñ.
***
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde 23-nji maýda
beýik Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup
geçdi. Bu abraýly konferensi Göteborg Türkmen kultur ojagy taýynlady. Bu
konferensi geçirmek boýunça ilkibaşda ýörite guramaçylyk komiteti döredildi we
ol komitet birnäçe aýyñ dowamynda ähli zerur guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu
döwürde Magtymguly Pyragynyñ ömri we döredijiligi barada dört dilde, ýagny
türkmen, iñlis, şwed we pars dillerinde ýörite çykyşlar taýynlanyldy.
Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi
baradaky edebi konferense diñe bir türkmenleriñ däl, eýse dürli halklaryñ
wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşan şwed we iñlis ýazyjylary konferensiñ
gurnalyşyna we onda şahyryñ döredijiligi dogrudaky edilen çykyşlara örän ýokary
baha berdiler. Şwed ýazyjysynyñ sözlerine görä, bu ýatdan çykmajak waka bolan
bolsa, iñlis ýazyjysynyñ sözlerine görä, Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi
hakda iñlis we şwed dillerinde edilen çykyşlar olar üçin hakyky açyş boldy.
Göteborgly türkmenleriñ köpüsi 23-nji
maýda şäher kitaphanasynyñ konferens zalyna milli egin-başlaryny geýip geldiler.
Konferense bu şäherde ýaşaýan parslar hem köpçülikleýin geldiler. Konferensiñ
başynda giriş sözüni sözlän şäher häkimliginiñ medeniýet bölüminiñ başlygy
Helena Nyhus şeýle diýdi: ”Men bu gün şäher kitaphanasynda geçirilýän bu dabara
begenýärin. Biziñ şäherimiz köpmilletli, şol milletleriñ hemmesi-de biziñ
şäherimiziñ umumy medeniýetine uly goşant goşýarlar. Bu gün şäheriñ merkezi
kitaphanasynda türkmen klassyk şahyryna bagyşlanan konferens geçirilýär. Eger-de
Göteborgda diñe şwedler ýaşan bolsa, bu tukat bolardy. Häzir welin, biziñ
şäherimiz dürli medeniýetlerden ybarat ullakan baýlyga eýe. Men size bu
konferensiñ üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!”
Helena Nyhusuñ giriş sözünden soñ
konferens zalynyñ sahnasyna dabarany alypbaryjylar – milli lybasly türkmen gelni
Elmaý Durdypur bilen Nureddin Ýaraly çykdylar. Olar ilki sözi Türkmensähradan
myhman çagyrylan we bu dabarany başdan-aýak aýdym-saz bilen bezän belli bagşy
Mansura gezek berdiler. Kämil türkmen halk sazyndan soñra çykyşlar başlandy.
Professor Ýusup Azmun Magtymgulynyñ ömri
we döredijiligi hakda iñlis dilinde giñişleýin maglumat berdi. Şahyryñ ömri we
döredijiligi dogruda şwed dilinde çykyş eden ýazyjy Ak Welsapar Magtymgulynyñ
döredijiligini döwürdeş şwed şahyrlary Olof von Daliniñ, Johan Henrik Kellgreniñ
döredijiligi bilen deñeşdirdi. Bu deñeşdirmede Magtymgulynyñ XVIII asyr türkmen
durmuşyndaky nogsanlaryny tankyt edýän goşgularynyñ döwürdeş şwed şahyrlarynyñ
bu temadan ýazan goşgulary bilen sazlaşýandygy anyk mysallar arkaly nygtaldy.
Magtymgulynyñ ”Bolar sen” atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Belent daglar beýikligñe buýsanma,
Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!
Tereñ derýa, haýbatyña guwanma,
Wagtyñ ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!
Lukman kibi dertler dermanyn kylsañ,
Süleýman dek döwni permana salsañ,
Isgender dek ýeriñ ýüzüni alsañ,
Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!
(Magtymguly, Eserler, ”Türkmenistan”, 1983, 1-nji
tom, 159-njy sah.)
Henrik Kellgreniñ (1751-1795) ”Kaşañ
jaýlar” goşgusyndaky setirler Magtymguly Pyragynyñ ýokarda getirilen setirleri
bilen ruhy we mazmun taýdan golaýdyr:
Eger hakykatyñ gödek oduna
Gözleriñ gös-göni bakyp bilsedi,
Görerdiñ sen öz ýüregiñ tümünde,
Geñler galyp, meger, edil şol demde
Hars urup ýygnalan hazynalaryñ
Ýok boluşyn göz gyrpasy salymda!
Beýik türkmen şahyry Magtymguly ýaly onuñ
döwürdeşleri bolan Henrik Kellgrendir käbir beýleki şwed şahyrlary-da begleri,
baýlary men-menlikden saklanmaga, ýönekeý halka rehimli bolmaga, kyn günde
mätäçleri, ejizleri, ýetimleri goldamaga çagyrypdyrlar.
Magtymgulynyñ döredijiligi hakda pars
edebiýatçysy we jemgyýetçilik işgäri Reza Talebi giñişleýin çykyş etdi.
Türkmensähranyñ görnükli şahyry Aýdy Ownugyñ Magtymguly hakdaky türkmençe
çykyşy-da, Germaniýaly Eýýup Gerkeziñ ”Magtymgulynyñ döredijiliginde satiriki
äheñ” diýen temadan eden çykyşy-da konferense gelenlerde örän gowy täsir
galdyrdy. Edebiýaty söýüji, Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu
abraýly konferensi gurnaýjylaryñ biri Aşyrmämmet Deveji türkmen dilinde Kerim
Gurbannepesiñ Magtymgula bagyşlanan ”Pyragynyñ gaşynda” diýen goşgusyny okady.
Konferense öz makalalaryny goşant hökmünde
iberen Kümüşdepeden Hamid Kaminiñ, „Magtymguly we
türkmeniň milliligi”, Kanadadan Hangeldi Ownugyñ „Magtymgulynyň
eserlerinde romantizm”, Bender-türkmenden Maşatguly Gyzylyñ,
„Magtymgulynyň syrly setirleri“, Pragadan Akmyrat Gürgenliniñ, „Magtymguly kim
bolupdyr?“, şeýle-de Gümmetkabusdan Abdylla Kahharyñ, Akgaladan Ýedulla
Sähnäniñ, Bender-türkmenden Tañyrguly Ýylgaýyñ, Gümmetkabusdan Annadurdy
Onsorynyñ atlary konferense gatnaşanlaryñ dykgatyna ýetirildi. Eýranly türkmen
suratçysy Annamuhammet Sheýh bu dabara Magtymgulynyñ portretini ýollapdyr.
Magtymgulynyñ kanoniki portretine golaý bolsa-da, bu eseriñ modern häsiýetde
ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.
Doganlar Saradyr Samie we
Ezizedir Sahyda türkmeniñ milli lybasynda küştdepdi tansyny ýerine
ýetirenlerinde, konferense gatnaşyjylar Saranyñ ýolbaşçylygyndaky bu tansçy
gyz-gelinleriñ toparyny şowhunly elçarpyşmalar bilen hormatladylar.
Magtymgulynyñ ömrüne we
döredijiligine bagyşlanyp Şwesiýada geçirilen konferense iñ uly we saldamly
goşant goşanlaryñ biri-de Türkmensähraly şahyr Gafur Hojadyr. Ol konferensiñ
guramaçylyk işlerine başdan-aýak gatnaşmak bilen dabarada ulanylan hem
ýaýradylan ululy-kiçili reñkli posterleriñ dizaýnyny ussatlyk bilen ýerine
ýetirdi. Netijede beýik şahyryñ dabaraly konferensi şahyr Gafur Hojanyñ yhlasy
siñen suratlardyr posterler bilen bezeldi.
Dabara gatnaşan şwed we
iñlis ýazyjylary Magtymgulynyñ döredijiliginiñ özlerinde uly gyzyklanma
döredendigini belleseler, Germaniýadan gelen dr. Berdi Ahangari bu dabara şeýle
baha berdi: „Özüniñ netijeliligi boýunça Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine
bagyşlanan bu konferens gürrüñsiz taryhy ähmiýetli wakadyr.“
Beýik türkmen klassyk
şahyry Magtymgulynyñ döredijiligi dilden dillere, ilden illere öz şöhratly
ýoluny dowam edýär.
„Gün“ neşirýatynyñ maglumaty,
2009-05-25