فارسی Svenska 


Baş Sahypa

Biz Barada

Suratlar

Arhiw

Bize İaziň

Myhman depteri

 



Ak Welsapar

NOWRUZ

Nowruz geldi, ıaz geldi!

Saırak guşlar açdy dil.

Durna bilen gaz geldi,

Oıandy bagda bilbil.

 

Öwsüp ıazyñ howasy

Bahar toıun toılaıar.

Guşlañ näzik owazy

Gülleñ başyn aılaıar.

 

Çöllerde owlak-guzy

Sährañ bile biteni.

Geıindi türkmen düzi,

Gyzyl-ıaşyl keteni.

 

Yşka gümra tebigat,

Gün gökde – otly ojak.

Nowruz – misli zerli hat,

Gül-gunça gujak-gujak.

 

Gyz görkün ıada salar,

Atyr ysly säherler.

Täzelendi obalar,

Täzelendi şäherler.

 

Bolmaz şatlygy gowuz,

Gül guşanan biline,

Täze gün, täze Nowruz,

Hoş geldiñ sen ilime!



Copyright © 2006 Turkmen.Se/Turkmen-Sweden.Com